Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Şonuň üçin hem ertir irden öz ähli tireleriňiz aýry-aýrylykda tire-tire bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen tiräm urug--urug bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen urugym bolsa maşgala-maşgala bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen maşgalam bolsa, goý, her biri ýeke-ýekeden öňe çyksyn. Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy. Soňra Şawul: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Näme üçin Sen bu gün Öz guluňa jogap bermeýärsiň? Eger oglum Ýonatan ikimiziň birden birimiz ýazykly bolsak, onda Urymy ber, eger-de Öz halkyň Ysraýyl günäkär bolsa, onda Tummymy ber, ýa Ysraýyl Hudaýy Reb» diýdi. Şeýlelikde, gurra taşlanyldy. Gurra Şawul bilen onuň ogly Ýonatana düşdi, halk bolsa bigünä bolup çykdy. Soňra Şawul: «Maňa we oglum Ýonatan ikimize gurra taşlaň» diýdi. Bu gezek gurra Ýonatana düşdi. Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir. Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.
Выбор основного перевода