Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Şondan soň piliştliler ruhanylardyr palçylary çagyryp, olara: «Rebbiň sandygyny näme etsekkäk? Ony öz mekanyna nähili gaýtarmalydygyny bize aýdyň» diýdiler. Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler. Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir. Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker. Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kimkä? Onuň sözüne hatda ýelem, kölem gulak asýar!» diýişdiler.
Выбор основного перевода