Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy. Onsoň Ahap Abadýa şeýle diýdi: «Sen git-de, ýurduň bütin çeşmelerine, bütin ýaplaryna aýlan, belki, ot tapyp, atlary, gatyrlary we mal-garany horlamarys». Garga balalary Hudaýa nalyş edip, açlykdan entänlerinde, olary olja bilen üpjün edýän kim? Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar. Aw üçin arslanlar arlaýar, olar Hudaýdan rysklaryny dileýär. Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.
Выбор основного перевода