Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň. Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň. Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar. Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn. Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.
Выбор основного перевода