Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň. we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi. Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar. Olar bilen ylalaşyk baglaşyp, üç gün geçenden soňra ysraýyllar olaryň goňşy bolup ýaşaýandyklaryny eşitdiler. Ysraýyllar ýöriş edip, üç gün diýlende olaryň Gibgon, Kepira, Beýerot, Kirýatýegarym galalaryna gelip ýetdiler. Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.
Выбор основного перевода