Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şunlukda, olar galadaky hemme erkekdir aýallary, ýaşu-garrylary, şeýle hem mal-garalary, goýunlary, eşekleri gylyçdan geçirip bütinleý ýok etdiler. Galany we onuň içindäki ähli zatlary otladylar, diňe altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan gap-gaçlar Rebbiň öýüniň gaznasyna goýuldy. Şeýlelikde, Reb Ýeşuwa bilen bile boldy. Ýeşuwanyň şöhraty tutuş ýurda ýaýrady. Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi. Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi. ol gaty gorkdy. Sebäbi Gibgon hem edil beýleki hanlaryň galalary ýaly bir uly galady. Ol Aý galasyndan hem uludy we onuň ähli adamlary edermen urşujylardy. Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi. Patyşa gibgonlylary çagyryp, olar bilen gepleşdi. (Gibgonlylar ysraýyllardan däldirler, olar amorlaryň galyndylarydy. Ysraýyllar olara degmejekdiklerine ant içipdiler, ýöne Ysraýyl bilen Ýahuda bolan yhlasy sebäpli, Şawul olary ýok etjek bolýardy.)
Выбор основного перевода