Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar. Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular. Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin. Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“ diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek. Ýeriňden tur-da, adamlara inlerini tämizlemegi buýur. Goý, olar ertire çenli inlerini tämizläp päklensinler. Sebäbi Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Eý, Ysraýyl, ýok edilmeli zatlar seniň öz içiňde. Şoňa görä-de sen tä öz içiňden olary aýryp taşlaýançaň, öz duşmanlaryňyň öňünde durup bilmersiň.
Выбор основного перевода