Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi. Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler. Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“ diýdim». Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi. Şundan soň Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen bile Gilgaldaky düşelgä dolanyp geldi. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir. Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi. Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr. Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar». «Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.
Выбор основного перевода