Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şunlukda, olar galadaky hemme erkekdir aýallary, ýaşu-garrylary, şeýle hem mal-garalary, goýunlary, eşekleri gylyçdan geçirip bütinleý ýok etdiler. Galany we onuň içindäki ähli zatlary otladylar, diňe altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan gap-gaçlar Rebbiň öýüniň gaznasyna goýuldy. Galany eýelän goşun duşmanyň öňünden çykyp, olary ysraýyllaryň ortalygynda galar ýaly edip, ähli tarapdan gabadylar-da, bir adamy hem diri galdyrman ýa-da gaçyrman, baryny gyrdylar. Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi. Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar. Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi. Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ýeşuwa olar bilen ylalaşyk baglaşdy we olary diri galdyrjakdygyna söz berdi, jemagat baştutanlary hem ony tassyklap kasam etdiler.
Выбор основного перевода