Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur. Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi. Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. parlaýan Güne garap, asmandaky ajaýyp Aýa bakyp, Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler. Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar. Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik. Ine, demirgazyk tarapdaky ýokarky derwezäniň ýolundan alty adam geldi. Her biriniň elinde gyrýan ýaragy bardy, aralarynda bolsa eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen we bili ýazuw esbaply bir adam bardy. Olar içeri girip, bürünç gurbanlyk sypasynyň ýanynda durdular. Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm. Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»
Выбор основного перевода