Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň». Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi. Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler. Reb şeýle diýdi: «Git-de, küýzegäriň toýundan ýasan bir küýzesini satyn al. Halkyň we ruhanylaryň ýaşulularyndan birnäçesini ýanyň bilen alyp, «Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr, olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm. Muny Reb aýdýandyr. Keşdeli eşikleriňi alyp, olara geýdirdiň. Meniň zeýtun ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi olaryň öňünde goýduň. şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.
Выбор основного перевода