Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz. Näçe gezek çölde Oňa garşy baş galdyrdylar, sährada Ony gamlandyrdylar! Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz? Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz. Eý, gylyçdan gaçyp gutulanlar, gidiň, saklanmaň! Rebbi uzak ýurtda ýatlaň Iýerusalim hakda oýlanyň. Onsoň Men olara: „Her kim göz dikýän nejis zatlaryny taşlasyn, özüňizi Müsür butlary bilen haram etmäň; Hudaýyňyz Reb Mendirin“ diýdim. Olaryň gözleri ata-babalarynyň butlarynyň yzyndadygy üçin, hökümlerimi ýerine ýetirmediler, parzlarymy ret etdiler we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz. Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz. Olary Rebbiň huzuryna getir, ruhanylar üstüne duz sepip, ýakma gurbanlygy hökmünde olary Rebbe hödür ederler.
Выбор основного перевода