Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy. Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi. «Şol wagt Ýahuda patyşalarynyň, ýolbaşçylarynyň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň süňkleri, Iýerusalimiň ilatynyň süňkleri gabyrlaryndan çykarylar. Muny Reb aýdýandyr. Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.
Выбор основного перевода