Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün olar awunyň üstünde deňiz güwwüldisi kimin arlarlar, kim ýurda nazar salsa, ine, garaňkylyk hem hasrat; nur gara bulutlar bilen örtüler. Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar. Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy! Indi köp milletler Saňa garşy birleşip: «Goý, Sion haram bolsun, muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.
Выбор основного перевода