Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim». Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt: Seniň üçin agy aýdyp, ýas tutarlar, ahy-nala çekip, şeýle diýerler: ‘Deňiz ortasynda Sur ýaly dym-dyrs bolan gala barmy? «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň. Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek». Onuň bilen zyna eden, aýşy-‑eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.
Выбор основного перевода