Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb. Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi. Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň?
Выбор основного перевода