Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy. «Eý, ynsan ogly! Iýerusalime öz nejis işlerini bildir. Olary höküm et, eý, ynsan ogly, olary höküm et! Olara ata-babalarynyň nejis işlerini aýdyp ber“». Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň. Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi. Men hem gazabymy tutaşdyryp, öç alar ýaly onuň ganyny ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdüm, onuň üsti örtülmez». Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Men-de odun üýşmegini has belent ederin. Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
Выбор основного перевода