Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur. Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi. Agajyň ýokarky şahasyny ýolup, söwdagärleriň ýurduna getirdi, täjirleriň şäherinde ýerleşdirdi. Onsoň ýurduň tohumyndan alyp, ony hasylly meýdanda ekdi, bol suwlar ýakasynda ýerleşdirip, söwüt agajy kimin oturtdy. Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň üzüm agajyna öwrüldi, şahalary özüne tarap egildi, kökleri öz astyndady. Şeýdip, bu üzüm agajy boldy, şahalady, pudak çykardy. Uly ganatly we köp ýelekli başga bir äpet bürgüt bardy. Ine, ýaňky üzüm agajy öz ekilen keşinden oňa tarap köklerini egreltdi. Suwarsyn diýip, şahalaryny oňa tarap sallady. Ol şahalap, miwe berip, oňat üzüm agajy bolar ýaly, bol suwlar ýakasyndaky hasylly meýdanda ekilipdi“». Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi? Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip, köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy? Kökünden sogurmak üçin güýçli gol ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn. Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»
Выбор основного перевода