Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ähli ýaramazlar zyňlan tiken ýalydyr. Çünki tikeni elläp bolmaýar. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn. Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy. Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy. Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi. Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi. Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar. Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.
Выбор основного перевода