Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi. Ol gelende, Eliý ýoluň ugrundaky kürsüsinde gözlerini zordan ýola dikip otyrdy, çünki Hudaýyň sandygynyň alnyp gidilmegi onuň ýüregini elendirýärdi. Ýaňky adam gala girip, bolan wakany habar berende, tutuş gala eňredi. Ýaňky adam Eliýä: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Men ol ýerden şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. «Näme boldy, oglum?» diýip, Eliý ondan sorady.
Выбор основного перевода