Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň. Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder. Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn. Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».
Выбор основного перевода