Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin. Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi. Halk oňa: «Hawa, biz Hudaýymyz Rebbe gulluk ederis we Onuň sözüne boýun egeris!» diýdi. Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder. Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn! «Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:
Выбор основного перевода