Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi. Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler. Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler. Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň. «Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr. Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler. Faraonyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak. Baştutanlary Zoganda bolup, ilçileri Hanase ýetenem bolsalar, özlerine peýdasy bolmadyk halk zerarly utanja galar olar. Ne ýardam berýär bu halk, ne-de peýda berýär, gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar». Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler. Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym. Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.
Выбор основного перевода