Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy. Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispa, Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gedalýa olara we olaryň goşunyna ýüzlenip, ant içip: «Babyllylaryň hökümdarlaryndan gorkmaň. Ýurtda mesgen tutup, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda size oňat bolar» diýdi. Emma janpenalaryň baştutany şol wagt ýurtdaky hiç bir emlägi bolmadyk garyp-gasarlara üzüm baglary bilen ekin meýdanlaryny berdi. Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.
Выбор основного перевода