4
Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git».
Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi.
Babyl patyşasy Nebukadnesar janpenalaryň baştutany Nebuzaradona Ýermeýa barada şeýle buýruk berdi:
«Ony al-da, oňa gowuja göz-gulak bol, hiç bir zeper ýetirme, näme sorasa, şony et».