Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin». Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi. Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi. Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.
Выбор основного перевода