Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar. Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git». Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy. Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady. Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz! Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Выбор основного перевода