Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun. Ýehu ol ýerden gaýdyp, özüni garşylamaga gelýän Rekabyň ogly Ýonadaba sataşdy. Ýehu oňa salam berip, ondan: «Meniň ýüregimiň seniňki bilen bir bolşy ýaly, seniň ýüregiň-de meniňki bilen birmi?» diýip sorady. Ýonadap hem: «Birdir» diýip jogap berdi. Ýehu: «Eger şeýle bolsa, onda eliňi uzat» diýdi. Ýonadap Ýehuwa tarap elini uzatdy. Ýehu ony araba mündürdi. Onsoň Ýehu Rekabyň ogly Ýonadap bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ýehu Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredip görüň, araňyzda Rebbe sežde edýänlerden hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolsun» diýdi. Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi. Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.
Выбор основного перевода