Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman Rebbiň öýüniň daşky we içki otaglaryň, daşky diwarlaryna ýanaşdyryp, gapdal otaglaryny saldy. Ýehu ol ýerden gaýdyp, özüni garşylamaga gelýän Rekabyň ogly Ýonadaba sataşdy. Ýehu oňa salam berip, ondan: «Meniň ýüregimiň seniňki bilen bir bolşy ýaly, seniň ýüregiň-de meniňki bilen birmi?» diýip sorady. Ýonadap hem: «Birdir» diýip jogap berdi. Ýehu: «Eger şeýle bolsa, onda eliňi uzat» diýdi. Ýonadap Ýehuwa tarap elini uzatdy. Ýehu ony araba mündürdi. Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.
Выбор основного перевода