Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar. Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar. Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar, Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler, Efraýym Ýahuda göripçilik etmez, Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez. Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“. Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr. Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn. Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin. Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar». Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, çünki Men gözüňiziň alnynda öňki abadançylygyňyzy dikeldip, dünýäniň bütin halklarynyň arasynda size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn». Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.
Выбор основного перевода