Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen galkarsyň, Siona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt. Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“ Reb şuny aýdýandyr: «Hananel diňinden Burç derwezesine çenli Iýerusalim şäheriniň Men-Reb üçin täzeden guruljak günleri hökman geler. Bu ýerden ölçeg ýüpi Garep depesine çenli dogry uzalyp gider we Gowa tarap öwrüler. Jesetler we küller taşlanan jülgeleriň hemmesi, Kidron deresine çenli bolan ähli ýerler, gündogardaky At derwezesiniň çetine çenli Maňa mukaddes bolar. Şäher indi ýerinden sökülmez, indi hiç haçan ýykylmaz». Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.
Выбор основного перевода