Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki araňyzdaky Hudaýyňyz Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar. Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbe dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“».
Выбор основного перевода