Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer. Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler. Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim. Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler. Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.
Выбор основного перевода