Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň. Biz ýene Seniň tabşyryklaryňy bozup, bu nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açalymy? Seniň gahar-gazabyň biziň ýekejämizi hem aman galdyrman heläk eder. Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus». Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka? Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar. Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar. Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».
Выбор основного перевода