Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady. Olar bilen gyz alşyp--berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler. Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar. Sen Öz gullaryň bolan pygamberleriňiň üsti bilen: „Eýelejek bolup barýan ýurduňyz ýerli halklaryň haramlyklary, nejislikleri bilen hapalanan ýurtdyr. Olar ony boýdan-başa öz haramlyklary bilen doldurdylar. Şonuň üçin ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmäň. Hiç haçan olaryň salamatlygyny we abadanlygyny agtarmaň. Şonda siz güýçlenip, ol ýeriň näz-nygmatlaryndan iýip, ony nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň. Biz ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmeris. Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudylary-da gördüm. Indi biz siziň hem keseki milletlerden aýal alyp, şeýle pislik edip, Hudaýymyza biwepalyk edýändigiňiz barada eşitmelimi?» Gaýtam milletlere garyşyp, olaryň däp-dessuryna eýerdiler. Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň. Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?
Выбор основного перевода