Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Şeýdip, olar hem Rebbe, hem aralaryndan sürgün edilen milletleriniň adatlaryna görä öz hudaýlaryna sežde etdiler. Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler. Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy: «Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun. Onsoň men olara: «Gögüň Hudaýy işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paýyňyz, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim. Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler. Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.
Выбор основного перевода