Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar. Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar. Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler. Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy. Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn. Deňizden-deňze, Ýewfrat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin.
Выбор основного перевода