Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Patyşanyň, onuň geňeşçileriniň, baştutanlarynyň we bütin ysraýyl halkynyň Hudaýymyzyň öýi üçin sadaka beren altynyny, kümşüni we gap-gaçlaryny olara çekip berdim. Olaryň eline bir müň bir ýüz batman kümüş, bir ýüz ýetmiş batmana laýyk kümüş okaralar, bir ýüz ýetmiş batman altyn, ýigrimi gadaga laýyk ýigrimi sany altyn okara, altyn ýaly gymmat, lowurdap duran bürünçden edilen iki sany gap--gajy ölçäp berdim. Olaryň eline bir müň bir ýüz batman kümüş, bir ýüz ýetmiş batmana laýyk kümüş okaralar, bir ýüz ýetmiş batman altyn, ýigrimi gadaga laýyk ýigrimi sany altyn okara, altyn ýaly gymmat, lowurdap duran bürünçden edilen iki sany gap--gajy ölçäp berdim. Men olara şeýle diýdim: «Siz Rebbe bagyş edilensiňiz, bu gap-gaçlar hem bagyş edilendir. Bu altyndyr kümüş siziň ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbe berlen meýletin sadakadyr. Bu zatlary Rebbiň öýüniň otaglarynda baş ruhanylaryň we lewileriň Iýerusalimdäki Ysraýyl urugbaşylaryna gowşurýançaňyz, olary berk gorap saklaň». Şeýdip, ruhanylardyr lewiler altyndyr kümşi we Hudaýymyzyň Iýerusalimdäki öýüne äkidilmek üçin ölçelip berlen gap-gaçlary kabul edip aldylar. Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi. Biz Iýerusalime gelip, ol ýerde üç gün galdyk. Dördülenji gün Hudaýymyzyň öýünde altyndyr kümüş we gap-gaçlar ölçelip, olar Uryýanyň ogly ruhany Meremotyň eline berildi. Meremotyň ýanynda Pinehasyň ogly Elgazar bardy. Lewi tiresinden bolan Ýeşuwanyň ogly Ýozabat we Binnuýyň ogly Nogadýa hem olaryň ýanyndady. Ähli zat sanalyp, ölçelip, ählisiniň jemi agramy ýazylyp alyndy. Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy. Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn. Emma ynsan Hudaýy söýýän bolsa, ol eýýäm Hudaý tarapyndan tanalýandyr.
Выбор основного перевода