Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Derwezebanlar şulardyr: Şallum, Akup, Talmon, Ahyman we olaryň garyndaşlary. Şallum olaryň baştutanydy. Bular öň şa derwezesiniň gündogar tarapynda goýlupdylar. Olar lewileriň düşelge derwezebanlarydylar. Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler. Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler. bulardan başga-da Dawut bilen onuň emeldarlarynyň lewilere hyzmat etmäge bellän ybadathana hyzmatkärleriniň nesillerinden iki ýüz ýigrimisini getirdiler. Olaryň ählisiniň ady tutuldy. Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hökmürowan Rebbimiziň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler. Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular.
Выбор основного перевода