Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär. Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär. Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar. Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin. we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi. Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar. Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr. Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy. Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar. Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar. Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudylar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar. Bu waka Adar aýynyň on üçüne boldy. On dördünji güni olar dynç alyp, şol gün toý-meýlis gurup şatlandylar. Suzadaky ähli ýahudylar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar. Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin, maňa ýamanlygy niýet edýänler utanç bilen betnamlyga bürelsin. Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar, çünki maňa ýamanlygy niýet edenler masgara bolup, utanja galdy.
Выбор основного перевода