Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy. Ýahudylar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudylar tarapyndan gorky howpy abanypdy. Şeýle hem, olar ýahudylaryň duşmany bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň on ogluny: Parşandatany, Dalpony, Aspatany, Poratany, Adalýany, Arydatany, Parmaştany, Arysaýy, Aridaýy, Waýzatany öldürdiler, emma olar olja el urmadylar. Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
Выбор основного перевода