5
Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurynda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudylary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.