Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Şol gün üçin taýyn bolar ýaly, bu permanyň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi. Şeýle hem, Mordekaý özlerini derbi-dagyn etmek baradaky Suzada çykarylan permanyň ýazuw nusgasyny Estere görkezip, düşündirmegi üçin Hataga berdi. Ol Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegini sorap, öz adamlary üçin oňa ýalbarmagyny tabşyrmaklygy Hatakdan haýyş etdi. Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy. Şeýdip, ýahudylar ähli duşmanlaryny gylyçdan geçirdiler, öldürdiler, ýok etdiler. Özlerini ýigrenýänlere islänini etdiler. Ýahudylar Suza galasynda bäş ýüz adamy öldürip, bütinleý ýok etdiler.
Выбор основного перевода