Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Boý gyzlar ikinji gezek bir ýere toplanylanda, Mordekaý köşk emeldarydy. Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady. Patyşanyň köşk emeldarlary Mordekaýdan: «Sen näme üçin patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun towlaýarsyň?» diýip soradylar. Olar Mordekaýa bu barada irginsiz aýtsalar-da, ol bulara gulak asmazdy. Mordekaýyň bu hereketine Hamanyň takadynyň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, köşk emeldarlary muny Hamana habar berdiler, çünki Mordekaý olara özüniň ýahudydygy barada aýdypdy. Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy. Ýigrenjini hile bilen örtse-de, ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr.
Выбор основного перевода