Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Guluň Ýowap muny ýagdaýy üýtgetmek üçin etdi. Ýöne şa hezretleri Hudaýyň perişdesi ýaly danadyr; ol ýer ýüzünde bolup geçýän ähli işleri bilýär» diýip jogap berdi. Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?» «Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok». Patyşa Estere altyn hasasyny uzatdy. Süleýman şa liwan agaçlaryndan özüne şa paýtunyny ýasatdy: sütünleri kümüşden, tirsekligi gyzyldan, oturgyjy gyrmyzy mahmaldan. Içi Iýerusalim gyzlarynyň söýgüsine beslenen. Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň! Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň. Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
Выбор основного перевода