Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer». Şeýdip, lewiler: «Ümsüm boluň, bu gün mukaddes gündür, gamgyn bolmaň!» diýip, halky köşeşdirdiler. Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler. Ikilenji gün bütin halkyň urugbaşylary, ruhanylardyr lewiler bilen bile mürze Ezranyň ýanyna kanunyň sözlerini öwrenmäge üýşdüler. Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar. On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.
Выбор основного перевода