Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin. Patyşanyň huzuryna barmazdan öň, aýallar düzgüni boýunça gyz on iki aýlyk timar beriş döwrüni geçmelidi. Bu döwürde gyzlara alty aý mür ýagy bilen, alty aý hem atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berilýärdi. Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi. Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi.
Выбор основного перевода