Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy. Haman patyşa: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna, patyşanyň geýen şa lybaslary, patyşanyň münen, dabaraly şaý-sepler bilen bezelen aty getirilip, şa lybaslary we aty patyşanyň iň atly-abraýly beglerinden biriniň eline berilsin; goý, ol patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyny geýindirsin, goý, ol ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdançasynda jar çekip: „Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär“ diýip aýlasyn» diýdi.
Выбор основного перевода