Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi. Siz-de ýahudylar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez». Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler. Şeýdip, Darýuş patyşa bu permana we karara gol çekdi. Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler. Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi.
Выбор основного перевода