Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar. Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady. Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!» Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“». Mordekaýyň köşk emeldary bolup işleýän döwründe patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtan we Tereş gaharlanyp, Kserks patyşany öldürmegi ýüreklerine düwdüler. Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy. Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi. Soňra Nebukadnesar özüniň baş gözegçisi Aşpenaza ysraýyllaryň arasyndan patyşanyň we han-begleriň maşgalasyndan bolan ýigitleriň birnäçesini getirmegi buýurdy.
Выбор основного перевода